Katara rekord derejede eksport

Türkiýäniň Katara edýän eksporty rekord derejä ýetdi

758758
Katara rekord derejede eksport

Goňşylarynyň gabaw astyna sezewar bolan Katara Türkiýe goldaw elini uzaltdy.

Iki ýurdyň arasyndaky söwda gatnaşyklarda uly ösüş gazanyldy.

Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi Türkiýäniň Katara edýän eksportynyň 16 günde 3 esse artandygyny habar berdi.

Türkiýeden Katara jemi 32,5 million dollarlyk eksport edildi.

Katara Türkiýeden iberilen azyk ýüklenen uçarlaryň sany 100-den hem geçdi. Izmirden ýola çykan gämiler hem ýolda.

 



Degişli Habarlar