Ykdysadyýet ministri Zeýbekji Katar bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýäniň şu günki güne çenli ýokary derejede Kataryň zerur bolan zatlar bilen üpjün edilendigini habar berdi

752650
Ykdysadyýet ministri Zeýbekji Katar bilen bagly beýanat berdi

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Burundiniň Daşary gatnaşyklar we halkara hyzmatdaşlyk minsitri Alain Aime Nýamitwe bilen iki ýurdyň arasynda tamamlanan Maýa goýumlaryň höweslendirilmegi we goralmagy şertnamasynyň ministrlikdäki gol çekişlik dabarasyndan soň beren beýanatynda: “Şu gün Katara Daşary işler ministrimiz bilen bile sapar gurarys. Bu gije ol ýerde kabul edilşikler we gepleşikler bilen geçireris. Iň gysga wagtda gaýdyp geleris” diýdi.

Zeýbekji Kataryň zerurlyklary babatynda gerek bolan ähli zatlary etmäge taýardyklaryny belläp: “Ilkinji gezek aýdýaryn bular şonsyzam şu günki güne çenli ýerine ýetirildi, ýokary derejede Katar zerur bolan zatlar bilen üpjün edildi” diýdi.



Degişli Habarlar