Brent görnüşli nebitiň bahasy 48 dollardan geçdi

Brent görnüşli nebit anna güni 47,79 dollardan satuwa başlap, günüň dowamynda 48,51 dollara çenli ýokarlapdy

750744
Brent görnüşli nebitiň bahasy 48 dollardan geçdi

Şu gün 48,08 dollardan satuwa çykarylan brent görnüşli nebitiň  barrel bahasy 0,64 göterim ýokarlap, 48,39 dollara barabar boldy. Günbatar Tehas görnüşli çig nebitiň barrel bahasy bolsa 46,06 dollardan satylýar.

Düýn Saud Arabystanynyň Energetika ministri Halid Al Falih nebit äýtiýaçlarynyň islenilýän çäge düşürilmegi üçin ellerinden geleni etjekdiklerini, maý aýynda önümçiligi azaltmak barada kabul edilen ylalaşygyň dowam etmelidigini aýtdy.

Geçen hepde kabul edilen karar bilen Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän ýurtlar Katar bilen diplomatik we söwda gatnaşyklaryny bes edipdi. hepdäniň dowamynda mesele bilen ýakyndan gyzyklanylmaga dowam ediler.



Degişli Habarlar