"Taslama diňe Türkiýe üçin däl eýsem dünýä ýurtlary taýdan hem möhüm"

Ahmet Arslan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol taslamasynyň gurluşyk işlerini ýerinde görmek üçin düýn Karsa gitdi

745815
"Taslama diňe Türkiýe üçin däl eýsem dünýä ýurtlary taýdan hem möhüm"

Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň Türkiýeden geçýän böleginiň gurluşygynyň üstümizdäki aýyň ahyrynda tamamlanjakdygyny aýtdy.

Ahmet Arslan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol taslamasynyň gurluşyk işlerini ýerinde görmek üçin düýn Karsa gitdi.

Ministr Arslan taslamanyň diňe Türkiýe üçin däl eýsem dünýä ýurtlary taýdan hem möhümdigine ünsi çekdi.

Ministr Arslan “Demir ýol taslamasy Türkiýe üçin däl eýsem Gürjistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Hytaý taýdan diýseň möhüm. Taslama  ýüküň Ýewropa üznüksiz daşalmagy taýdan hem möhüm” diýip belledi.

Demir ýol taslamasynyň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigine ünsi çeken ministr Arslan,  taslamanyň 79 kilometriniň Türkiýeden, 26 kilometriniň hem Gürjistandan geçýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar