Gara deňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty Stambulda başlady

Gara deňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän maslahat Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň çykyşy bilen Stambul şäherinde başlady

736652
Gara deňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty Stambulda başlady

Prezident Erdogan: “Söwdanyň we maýa goýumlaryň bolmagynyň esasy şertleri rahatlyk we asudalykdyr. Gara deňiz geografiýasynyň parahat, asuda we rahat ýagdaýda özgermegi ählimiziň umumy maksadymyz bolmalydyr. Türkiýe hökmünde gyzyklanma bildirýän ähli halkara maýadarlara ähli goldawy berýäris. Bu babatda hiç hili diskraminasiýa ýol bermeýäris” diýdi.

Erdoğan: “Şu günki gün Bu guramanyň iň uly üstünligi näme? diýip sorasalar Dünýäniň iň kyn geografiýalarynyň birinde sebitiň ýurtlaryny bir ýere jemlemek we ummumy peýdalar getirip bilmek başarnygydyr diýerin. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda birnäçe syýasy hat-da harby meseleler bar. Biz Gara deňiz Ykdysady hzymatdaşlyk guramasyny şol meselelerden nähli derejede uzak saklap bilsek, şonça hem netijeli işlemegini üpjün edip bileris. Has netijelisi bolsa guramany şol meseleleriň çözülmegi üçin täsirli ýagdaýa öwürmelidiris. Şol sebäpli peýdasyz syýasy jedelliklere ýüz tutman, tapawutlylyklarymyzy dälde, umumylyklarymyzyň üstünde işleşmelidiris” diýdi.

Erdogan çykyşyny şu sözler bilen dowam etdirdi: “Şu ýylyň başynda guramanyň döwürleýin başlyklygy wezipesini öz boýnumyza alanymyzdan bäri Gara deňiz Ykdysady hzymatdaşlyk guramasynyň düzümindäki ähli döwletlere adalatly, tarapsyz we deňagramly bolmaga synanyşdyk. Şu gün kabul etjegimiz maslahatyň ummumy beýannamasyny taýarlaýarkak agza ýurtlaryň ählisini nazara almak üçin ünsli çemeleşdik” diýdi.

Maslahatyň çäginde Erdogan agza ýurtlaryň wekillerini garşylady. Soň bolsa olar bilen bilelikde surata düşdi.



Degişli Habarlar