Türkiýe 8 aýda 173 müň tonna funduk eksport etdi

Sewinç geçen möwsümde 184 müň 513 tonnalyk funduk maňyzynyň eksport edilendigini habar berdi

724171
Türkiýe 8 aýda 173 müň tonna funduk eksport etdi

Garadeňiz Funduk we funduk önümleri eksportçylar birleşmesiniň başlygy Edip Sewinç 1-nji sentýabrda başlaýan 2016-2017 eksport möwsüminde 8 aýda 173 müň 203 tonna fundugyň eksport edilendigini 1 milliard 430 million 882 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny nygtady.

Sewinç geçen möwsümde 184 müň 513 tonnalyk funduk maňyzynyň eksport edilendigini we 1 milliard 748 million 651 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny ýatlatdy.

Edip Sewinç 1-nji sentýabrda başlaýan 2016-2017 möwsüminiň 31-nji awgusta çenli dowam etjekdigini we şol güne çenli Türkiýäniň funduk eksportyny artdyrmak üçin tagalla etjekdiklerini aýratyn belledi.

 


Etiketkalar: #funduk , #eksport , #sentýabr , #awgust

Degişli Habarlar