ABŞ-nyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawody Saud Arabystana geçdi

ABŞ-nyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawody bolan Port Arthur Saud Arabystanynyň milli nebit kärhanasy bolan Aramco tarapyndan satyn alyndy

724013
ABŞ-nyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawody Saud Arabystana geçdi

Gündelik ortaça 600 müň barrel çig nebiti gaýtadan işleýän Port Arthur bilen birlikde sebitdäki 24 sany bölüşdirme terminali hem Saud Arabystanyň Aramco kärhanasyna geçdi.

Mundan başgada ylalaşygyň çäginde Luiziana ştatynda ýerleşýän Norko we Konwent atly nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bilen birlikde 11 sany bölüşdirme terminali hem Royal Dutch Shell firmasyna berildi.

Port Arthur zawodynyň ozalky eýesi Motiva Enterprises atly kärhananyň hyzmatdaşy Britaniýa-Gollandiýa energetika kärhanasy Royal Dutch Shell tarapyndan berilen beýanatda Motiva Enterprises firmasynyň barlyklarynyň kärhananyň hyzmatdaşy bolan Aramco  bilen paýlaşylmagy bilen bagly işleriň tamamlanandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar