Türkiýe ykdysady krizislere garşy örän güýçli

Žan-Patrik Marken Türkiýäniň ykdysady krizislere garşy güýçlidigini belledi

712731
Türkiýe ykdysady krizislere garşy örän güýçli

Ýewropanyň Gurnama we galkynyş bankynyň Türkiýe boýunça jogapkär ýolbaşçysy Žan-Patrik Marken Türkiýäniň ykdysady krizislere garşy güýçlidigini belläp: “Ähli bolup geçenlere garamazdan iş orunlarnyyň artmagy we ösüş dowam edýär. Şol sebäpli Türkiýe beýleki ýurtlara garanyňda ünsleri özüne çekýär” diýdi.

Türkiýäniň geçen ýyl bolup geçen ähli hadysalara garamazdan 2,9 göterim ösüş edendigini bellän Marken: “Meniň pikirmçe bu gowy netije. Mundan başgada ähli şol wakalara garamazdan kärhanalaryň Türkiýedäki maýa goýumlaryny dowam etdirýändigini gördük. Bu ýagdaý biziň nähli derejede pozitiw bolmalydygymyzy görkezýär. Şol sebäpli biz Türkiýä maýa goýumlara arakesme bermeden dowam etdirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar