Türkiýe açlyga we guraklyga garşy göreşýän Somala kömek berýär

Açlyk sebäpli millionlarça adam ölümiň bosagasynda

707241
Türkiýe açlyga we guraklyga garşy göreşýän Somala kömek berýär

Dünýä derejesinde başladylan kampaniýanyň çäginde herekete geçen Türk Howa Ýollary bäbejikler üçin 60 tonnalyk kömegi Mogadişuýa ýetirdi.

Guraklyk sebäpli Somalidäki açlyk gün saýyn artýar.

Açlyk sebäpli millionlarça adam ölümiň bosagasynda.

Soňky 30 ýylyň iň uly gytlyk howpy sebäpli halkara jemgyýetçiligi herekete geçdi we Türkiýe ynsanperwer kömekleriň ýetirilmeginde öňbaşçylyk edýär.

Twitterde we ÝouTubede 2 milliona golaý adamyň goldaw bermeginde fransuz sungat ussady Žarre tarapyndan “Türk Howa Ýollary Somala kömek et” we “Somali üçin söýgi goşuny” atly kampaniýa başladyldy.

THÝ hem kampaniýa jogap bermekde gijä galmady we ynsanperwer kömegini Somala ýetirdi.

Kampaniýanyň çäginde 15 günde 125 ýurtdan 80 müňe golaý adam jemi 2,5 million dollar bagyşlady.

 



Degişli Habarlar