Zeýbekji: “Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary kadalaşýar”

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýe-Russiýa gatnaşykarynyň kadalaşma tapgyryndadygyny aýtdy

705158
Zeýbekji: “Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary kadalaşýar”

Nihat Zeýbekji iki ýurduň gatnaşyklary barada berilen soraga jogap berýärkä, kadalaşma tapgyrynda Türkiýä syýahatçylyk satuwlarynyň we çarter gatnawlarynyň ýaňadandan başlamagy ýaly oňyn wakalaryň başdan geçirilýändigini beýan etdi.

Rus kardeşi bilen geçiren gepleşiklerindäki esasy uğurlardan biriniň Russiýanyň Türkiýä goýan çäklendirmeleriniň aýrylmagy bolandygyny aýdan Zeýbekji, bu ugurdaky çäkli başlangyçlaryň ýeterlik bolmandygyny nygtady.

Sanksiýalaryň dolulygyna bes edilmelidigini her duşuşykda beýan edýändiklerini nygtan ministr Zeýbekji: “İki taraply meseleleriň çözülmegi we transport pudagynda özara hem-de çäksiz üstaşyr geçiş hukugy boýunça kwotalaryň gaýtadan artdyrylmagy üçin iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gepleşikler dowam edýär. Beýleki tarapdan wiza düzgünlerinin iki taraply häsýetde bes edilmegi üçin Daşary işler ministrligimiz işleýär” diýdi.



Degişli Habarlar