Türk Goranyş senagaty Braziliadaky Goranyş we howpsyzlyk sergisine gatnaşar

Türk goranyş senagaty Günorta Amerikanyň esasy sergisi bolan Braziliýanyň Goranyş we howpsyzlyk sergisine döwlet derejesine gatnaşar

704418
Türk Goranyş senagaty Braziliadaky Goranyş we howpsyzlyk sergisine gatnaşar

Sergä Goranyş senagaty guramasynyň utgaşdyrmagynda 12 firma gatnaşar.

Goranyş senagaty guramasynda berilen beýannama görä aprel aýynyn 4-7-si aralygynda Rio Deženeýrode geçiriljek sergä guramanyň utgaşdyrmagynda 12 firma bilen Goranyş we awiasiýa senagatçylary Bileleşigi gatnaşar.

Şol çäkde sergide ASELSAN, BMJ, Katmerjiler, MKEK, NERO İndustriýa, Nurol tehnologiýa, OTOKAR, REPKON, ROKETSAN, SDT, TUSAŞ we SAİS SHİPÝARDS goranyş senagaty boýunça öz ukyplaryny görkezer.

Sergä 600-den gowrak firmanyň, 195 resmi wekiliýetiň, 90 ýurtdan 40 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

30 ýurduň resmi derejede gatnaşmagyna garaşylýan sergide ilkinji nobatda sebitde ýerleşýän Braziliýa, Kolumbiýa, Çili, Peru, Meksika bilen Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinden bolsa Katar, Botswana, Nigeriýa we Tunis bilen gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar