Russiýa käbir banklaryň bankrot bolmagy sebäpli 100 milliard rubl ýitirdi

Elwira Nabiullina rus bankçylyk ulgamyndaky käbir guramalaryň düzümine  2-3 ýylyň dowamynda üýtgetme giriziljekdigini ýatlatdy

701262
Russiýa käbir banklaryň bankrot bolmagy sebäpli 100 milliard rubl ýitirdi

Russiýanyň Maliýe ministri Anton Siluanow rus bankçylyk pudagyndaky bankrotlar sebäpli 2016-njy ýylda döwlet bujetinden 100 milliard rubl ýagny 1,8 milliard dollarlyk çykdajy edilendigini aýtdy.

Rus bankçylar bileleşiginiň paýtagt Moskwada geçirlen konferensiýasyna gatnaşan Siluanow rus bankçylyk pudagynyň geçen ýyl ýitgi çekmegi sebäpli döwlet bujetinden maliýe goldawyň berlendigini nygtrady.

Konferensiýada söz alan Russiýanyň Merkezi bankynyň başlygy Elwira Nabiullina bolsa rus bankçylyk ulgamyndaky käbir guramalaryň düzümine  2-3 ýylyň dowamynda üýtgetme giriziljekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar