“Gollandiýa ykdysady sanksiýalar hem goýlup bilner”

Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfennkçi Gollandiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň hem gün tertibine gelip biljekdigini aýtdy

691295
“Gollandiýa ykdysady sanksiýalar hem goýlup bilner”

Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfennkçi Gollandiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň hem gün tertibine gelip biljekdigini aýtdy

Wan welaýatynda iş saparynda bolýan Tüfenkçi žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Ministr Tüfenkçi Gollandiýa garşy sanksiýalar baradaky soraga: “Hukuky we syýasy sanksiýalardan daşgary geljekde ykdysady sanksiýalar hem gün tertibine gelip biler. Häzirki wagtda diňe syýasy we hukuky sanksiýa goýular” diýip jogap berdi.

Gollandiýanyň höklümeti şenbe güni Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň uçaryna gonuş rugadyny bermändi, Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýany bolsa Türkiýäniň Rotterdamdaky Başkonsullygyna kabul etmändi.

Ykdysadyýet ministrliginiň görkezijilerine görä 2016-njy ýylda Gollandiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdary 6,6 million dollara barabar boldy.

Türkiýe Gollandiýa 3,6 million dollar eksport eden bolsa, 3 milliard dollarlyk import etdi.

Türkiýede 2,7 müň sany gollandiýa maýaly firma, gollandiýada bolsa 23 müň türk telekeçisi iş alypbarýar. Türk firmalarynyň 2015-nji ýyldaky iş mukdary 9 milliard dollardan geçdi.

 



Degişli Habarlar