Işewür adamlar we syýsatçylar geljek aý Bursada duşuşar

Uludag Ykdysadyýet maslahaty mart aýynyň 25-26-sy aralygynda geçirler

680819
Işewür adamlar we syýsatçylar geljek aý Bursada duşuşar

Şu ýyl 6-nji gezek geçiriljek Uludag Ykdysadyýet maslahatyna Türkiýeden we daşary ýurtdan 1200 adam gatnaşar.

Maslahata Germaniýanyň ozalky Prezidenti Kristin Wulf, Malaýziýanyň Premýer ministriniň kömekçisi Tan Sri Zakri Abdul Hamid, Finlandiýanyň ozalky Bilim ministri Par Stenbek, Gresiýanyň ozalky Maliýe ministri Ýanis Waroufakis we Estoniýanyň ozalky Bilim ministri Awiksoo bilen birlikde ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Hindistanyň, Owganystanyň we Saud Arabystanynyň iň uly firmalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşar.

Maslahatda türk işewür adamlary daşary ýurtly telekeçiler bilen işewürler dünýäsinde başdan geçirilýän wakalar we maýa goýum mümkinçilikleri hakynda pikir alyşar.

 

 



Degişli Habarlar