Stambulda gurulýan dünýäniň iň uly howa menziliniň 42 göterimi tamamlandy

Bu barada ministr Ahmet Arslan maglumat berdi

663632
Stambulda gurulýan dünýäniň iň uly howa menziliniň 42 göterimi tamamlandy

Hususy teleýaýlymlardan birinde soraglara jogap beren Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan howa menziliniň gurluşygynyň 1-nji bölüminiň 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda gurlup gutaryljakdygyny aýtdy.

Taslamanyň çäginde ýanaşyk ýerleriň abatlanýandygyny nygtan ministr Arslan; “Bosfor bogazynda Aziýa we Ýewropa materiklerini üçünji gezek birleşdirýän Ýowuz Soltan Selim köprüsiniň we 3-nji howa menziliniň daş-töweregine häzirki wagta çenli 5 milliona golaý agaç oturtdyk. İki taslamanyň tamamlanmagy netijesinde 10 milliona golaý agaç oturdylar” diýdi.

Howa menziliniň gurluşygynda 2 müňi agyr ýük ulagy, jemi 3 müň iş ulagynyň işleýändigini aýdan Arslan; “Taslamada häzirki wagtda 23 müň adam işleýär. Bahar aýlarynda şol san 30 müňe ýeter. 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda howa menziliniň 1-nji bölümi ýylda 90 million adama hyzmat eder. Birinji gonalga tamamlandy. Terminalyň 80 göterimi tamamlandy” diýdi.

Ministr Arslan Stambulda gurluşygy dowam edýän dünýäniň iň uly howa menziliniň entek taslamaka dünýä derejesinde inženerçilik awtoritarlaryndan baýrak almaga başlandygyny aýtdy.

Täze howa menziliniň terminalynyň binasy geçen ýyl Germaniýanyň paýtagty Berlinde guralan we dünýä derejesinde grafikleri hem-de binagärleri özünde jemleýän festiwalda barakly orna mynasyp görülipdi.



Degişli Habarlar