Türkiýede geçen ýyl satylan jaýlaryň sany artdy

Türkiýede geçen ýyl satylan jaýlaryň sany 2015-nji ýyla garanyňda 4 göterim artyp, 1 million 341 müň 453-e ýetdi

658168
Türkiýede geçen ýyl satylan jaýlaryň sany artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2016-njy ýylyň dekabr aýynda satylan jaýlar bilen bagly hasabat çap etdi.

Hasabata görä geçen ýyl Stambul iň köp jaý satylan welaýat adyna eýe boldy.

Stambuldan soň Ankara we Izmir gelýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda satylan jaýlaryň sany noýabr aýyna garanyňda 7,6 göterim, 2015-nji ýyla garanyňda bolsa 0,1 göterim artyp 142713-e ýetdi.

2016-njy ýylda daşary ýurtly raýatlara 18189 jaý satyldy.



Degişli Habarlar