Türkiýe GYHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy

Türkiýe gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda we oba hojalyk ugrunda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berer

653778
Türkiýe GYHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy

Türkiýe 1-nji ýanwarda Garadeňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy.

Türkiýäniň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe sebitde ýerleşýän ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Iýun aýyna çenli dowam etjek 6 aýlyk döwürde Türkiýe gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda we oba hojalyk ugrunda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berer.

Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde 1992-nji ýylda döredilen Garadeňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň 12 agzasy bar.

Gurama agza ýurtlaryň arasyndaky iki taraply we köp taraply gatnaşyklaryň artdyrylmagy we şeýlelikde Garadeňiz oazisiniň parahatçylyk, durnuklylyk we asudalyk sebiti bolmagyny maksat edinýär.

 



Degişli Habarlar