Azerbaýjan Türkiýä 43,8 milliard m3 tebigy gaz satdy

SOKAR ýurtdaky energetika serişdeleriniň önümçiligi bilen nebit we tebigy satuwlary baradada maglumat berdi

654162
Azerbaýjan Türkiýä 43,8 milliard m3 tebigy gaz satdy

Azerbaýjanyň döwlet nebit kampaniýasynyň (SOKAR) başlygynyň orunbasary Hoşbaht Ýusifzada şu günki güne çenli Türkiýä 43,8 milliard m3 tebigy gaz satandyklaryny habar berdi

Ýusifzada “Respublika” gazetinden çap edilen makalasynda ýurtdaky energetika serişdeleriniň önümçiligi bilen nebit we tebigy satuwlary baradada maglumat berdi.

Şahdeniz känindäki önümçiligin dowam edýandigini  beýan eden Ýusifzada 8 guýudan günde 29,5 million m3 tebigy bilen 6,5 müň tonna kondensat öndürilýändigini ýazdy.

Şu günki güne çenli Şahdeniz käninden jemi 78,4 milliard m3 tebigy gaz we 19,6 million tonna kondensat öndürilendigini ýazan Ýusifzada; “2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Gürjistana 5,9 milliard, Türkiýä bolsa 43,8 milliard m3 tebigy gaz berdik. Günde Gürjistana 4 million, Türkiýä bolsa 18,5 million m3 tebigy gaz akdyrýarys” diýip ýazdy.

Geçen ýylyň önümçiligi barada maglumat beren Ýusifzada Azerbaýjanda 2016-njy ýylda 41 million tonnadan gowrak nebitiň, 29,4 milliard m3 tebigy gazyn öndürilendigini nygtady.



Degişli Habarlar