Efiopiýa edilýän eksportyň 1 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Efiopiýada saparda boldy

639703
Efiopiýa edilýän eksportyň 1 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär

 

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýe bilen Efiopiýanyň arasyndaky Bilelikdäki Ykdysadyýet komissiýasynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Efiopiýa gitdi.

Maslahatdan soň iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan birnäçe şertnama gol çekişildi.

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT bilen Efiopiýanyň ýaýlym guramasy EBC-nyň arasynda  hem hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişildi.

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Efiopiýanyň Senagat we Daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Zeýbekji Efiopiýa edilýän eksportyň 1 milliard dollara ýetirilmegini maksat edinýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar