Gazprom Allseas firmasy bilen ylalaşdy

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazprom bilen Şweýsariýada ýerleşýän Allseas firmasynyň arasynda Türk akymy turba geçiriji taslamasynyň deňizden geçjek böleginde guruljak ilkinji ugur boýunça ylalaşyga gol çekişildi

626474
Gazprom Allseas firmasy bilen ylalaşdy

Gazpromdan berilen beýanatda Allseas firmasynyň ylalaşyga laýyklykda Gara deňizde jemi 900 kilometr turba çekjekdigi we gurluşyga 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlajakdygy habar berildi.

Beýannamada: “Türk akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasynda ilkinji ugruň gurulmagy üçin ylalaşyk gazanyldy. Türk akymynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ikinji ugur üçin Allseas firmasy ýeňillikli hukuga eýe bolar” diýilýär.

Türk akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamysynda hökümetara ylalaşygyna Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 10-njy oktýabrda gol çekişilipdi.

Taslama laýyklykda her biri 15,75 milliard kub metr mümkinçiligi bolan iki turba ugrunyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Birinji ugruň Türkiýä, ikinji ugruň bolsa degişli kepillikler alynan halatynda Ýewropa çekilmegi meýilleşdirilýär.

Türk akymy barada ylalaşygyň tassyklanmagy baradaky kanun geçen hepde Türkiýäniň Mejlisinde kabul edilipdi.



Degişli Habarlar