Russiýa-Türkiýe hyzmatdaşlygy harby taýdan hem güýçlenýär

Aleksandr Fomin Russiýanyň Interfaks habarlar agentligine interwýu berdi

605903
Russiýa-Türkiýe hyzmatdaşlygy harby taýdan hem güýçlenýär

Russiýanyň Federal harby-tehniki hyzmatdaşlyk gullygynyň müdüri Aleksandr Fomin Türkiýä howa goranyş ulgamynyň berilmeginiň iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň gün tertibindedigini mälim etdi.

Russiýanyň Interfaks habarlar agentligine interwýu beren Fomin Türkiýäniň we Russiýanyň arasyndaky harby-tehniki ugrundaky hyzmatdaşlygynyň ýaňadandan başlanandygyny belläp: “Türkiýäniň we Russiýanyň arasyndaky harby-tehniki hyzmatdaşlyk ugrundaky hökümetara maslahatyň şu ýylyň ahyryna çenli geçirilip bilinjekdigini pikir edýärin. Maslahatyň ýeri we wagty kesgitlenýär” diýdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow geçen aý beren beýanatynda: “Russiýa türk tarapy islese howa goranyş ulgamynyň berilmegini tapawutly görnüşlerde netijelendirip biler” diýipdi.



Degişli Habarlar