Erdogan Türkiýe-Afrika Ykdysadyýet we Işewürler Maslahatyny açdy

"Siriýa we bosgunlar meseleleri ýaly başlangyç adam hukuklary meselesinde synagdan galanlaryň Türkiýä ýol görkezip bilmez

602194
Erdogan Türkiýe-Afrika Ykdysadyýet we Işewürler Maslahatyny açdy
türkiye-afrika ekonomi ve iş forumu.jpg
türkiye-afrika ekonomi ve iş forumu.jpg

Prezident R.T.Erdogan maslahatda sözlän sözünde Siriýa we bosgunlar meseleleri ýaly başlangyç adam hukuklary meselesinde synagdan galanlaryň Türkiýä ýol görkezip bilmejekdigini aýtdy

Günbatar ýurtlarynyň Siriýadaky içerki uruş we bosgunlar meselelerinde iki standartly çemeleşýändigine ünsi çeken Erdogan: “Hem Afrika ýurtlarynda we Ýakyn Gündogarda çaknyşyklara meçew berip, şol çaknyşyklardan bähbit aralýar, hem-de sizin syýsatlaryňyzyň jerimesini çekýänlere gapylaryňyzy ýapýarsyňyz. Häzirki wagtda günbataryň edýäni şundan ybarat dälmi?” diýdi.

Günbataryň Afrika syýasatyna-da reaksiýa bildiren Erdogan: “Bir tarapdan ykdysady bähbitleriňiz bilen köp sanly Afrika ýurdunda garyplygy üýtgewsiz ýagdaýa getirýärsiňiz, beýleki tarapdan-da garyplykdan we çaknyşyklardan gaçanlaryň Ortaýer, Egeý denizlerinde gark bolmaklaryna sesinizi çykarmaýanyz. Ondan soň Aýlan bäbegi alyp žurnallaryňyzyň birinji sahypasyna hamala diýersiňiz kolonializm serişdesi hökmünde suratyny goýýarsyňyz” diýdi.

Afrikalylaryň hem türk dyğanlary ýaly azatlyklaryny haýyr-ihsan bilen däl, öwezini gan we jan bilen dolduryp, dişi-dyrnagy bilen alandyklaryny aýdan Prezident R.T.Erdogan: “Gazananlarymyzdan asla egilşik etmeris. Etmeli däldiris. Elbetde goşulýan goşantlara, berilýän maslahatlara, netijeli tankydy belliklere hat-da agyr tankytlara-da biz açyk. Açyk bolunmaly, emma bize höküm ediji äheňde ýol görkezilmegini kabul etmeris” diýdi.

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy barada bolsa, guramanyň uzak ýyllardan bäri legal görnüşli edaralaryň düzümine siňen, ylym-bilim, ynsanperwer kömegi, dialog ýaly adalgalaryň aňyrsyna bukulyp döwletiň içine siňendigini aýtdy.

FETÖ-niň 15-nji iýul gijesinde harby goşunyň düzümindäki adamlary arkaly pajygaly agdarlyşyk synanşygyny edendigini gürrüň beren Erdogan: “Bu guramanyň iň bir ýaýbaňlanan ýerlerinden biri hem Afrika. Afrika materigindäki ýurtlar gurama meselesinde ünsli bolmaly. Geljekde şol ýurtlarda-da döwletiň düzümine siňseler, gijä galdyk diýip bilersiňiz. Biz başdan geçirenimiz üçin size duýdurýarys, wagt ýitirmäň diýýäris” diýdi.



Degişli Habarlar