ÝB bilen Kanadanyň arasynda CETA şertnamasyna gol çekildi

Ýewropa Bileleşigi bilen Kanadanyň arasynda Giňişleýin ykdysady we söwda şertnamasy CETA Belgiýanyň paýtagty Brýusselde gol çekildi

600083
ÝB bilen Kanadanyň arasynda CETA şertnamasyna gol çekildi

Gol çekişlik dabarasyna ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trudeau we ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker gatnaşdy.

Gepleşikleri takmynan 7 ýyl bäri geçirilen söwda şertnamasy Walonýa sebitinden rugsat alyp bilmeýän Belgiýanyň Federal hökümetiniň gol çekmeginiň öňüne böwet bolýardy.

Şol sebäpli erkin söwda şertnamasyna gol çekilmegi geçen hepdäniň penşenbe güni goý bolsun edilipdi.

Emma anna güni Walonýa sebitiniň deputatlary käbir şertler bilen şertnama gol çekjekdiklerini mälim edipdiler.

Giňişleýin ykdysady we söwda şertnamasynyň güýje girmegi bilen ÝB bilen Kanadanyň arasyndaky gümrük salgytlarynyň 98 göteriminiň aýrylmagyna garaşylýar.

Gümrükleriň aýrylmagy we ülňileriň döwrebaplaşdyrylmagy iki tarapada bähbit boljak söwda ylalaşygynyň gepleşikleri 2009-njy ýylda başlapdy.



Degişli Habarlar