Elektrik paýlaýyş ulgamyna 2016-2020-njy ýyllaryň aralygynda 18 milliard liralyk maýa goýlar

Energetika we tebigy ministri Berat Albaýrak Anadoly habarlar gullugyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi

597625
Elektrik paýlaýyş ulgamyna 2016-2020-njy ýyllaryň aralygynda 18 milliard liralyk maýa goýlar

Rus gazyny Ýewropa ýetirjek Türk akymy taslamasy hakynda maglumat beren Ministr Albaýrak Türk akymy taslamasynyň gurluşygyna 2017-nji ýylda başlanmagynyň we birinji bölüminiň 2019-njy ýylda hyzmada açylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Albaýrak Mersiniň Akguýu etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän Akguýu ýadro desgasy taslamasynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegi üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Ministr Albaýrak elektrik paýlaýyş ulgamyna 2016-2020-njy ýyllaryň aralygynda 18 milliard liralyk maýa goýjakdyklaryny aýratyn belledi.

Energetika we tebigy ministri Berat Albaýrak Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar