Türkiýe we Russiýa umumy maýa goýum gaznasyny döretdiler

Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň tiz kadalaşmagy üçin wajyp şertnama gol çekildi

586103
Türkiýe we Russiýa umumy maýa goýum gaznasyny döretdiler

Umumy maýa goýum gaznasynyň döredilmegi bilen baglanşykly şertnama 2 ýurduň Ykdysadyýet ministrleri tarapyndan Stambulda gol çekildi.

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Alekseý Ulýukaýew bilen Stambul şäherinde duşuşdy. Bu duşuşyk ministrleriň soňky 3 aýda 4-nji duşuşygydy.

Zeýbekji Türkiýäniň we Russiýanyň arasyndaky ähli söwda meseleleri ara alynyp maslahatlaşylýan Birleşen ykdysady komissiýanyň hem täzeden işlemäge başlandygyny mälim etdi.

Zeýbekji: "Russiýa maýa goýum gaznasy bilen Türkiýe gaznasy, Türkiýe we Ýewropa maýa goýum gaznasy birleşer. Ilkinji etapda taraplar 500 million dollar orta çykaryp gaznany 1 milliard dollara ýetireris. Soňra zerurlyk bolsa ýenede üstüne goşular. Bu edilýänler taryhy taýdan wajyp" diýdi.

Zeýbekji türk gök-önümleriň eksportyna bolan gadagançylygyň hem gysga wagtyň içinde ortadan aýryljakdygyna ynanýandyklaryny belledi.

Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Alekseý Ulýukaýew bolsa umumy gaznanyň iş dünýäsi üçin örän uly pursatdygyny nygtady.

 

 



Degişli Habarlar