Kuweýt-Türkiýe gatnaşyklary ösýär

Lütfi Elwan işewür adamlary bilen birlikde Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparyna Katardan başlady

574412
Kuweýt-Türkiýe gatnaşyklary ösýär

Galkynyş ministri Lütfi Elwan işewür adamlary bilen birlikde Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparyna Katardan başlady.

Ministr Elwan Kuweýdiň ösüşden jogapkär döwlet ministri Hind Subaih Barrak Al Subaih bilen duşuşdy.

Galkynyş ministri Lütfi Elwan Kuweýdiň hökümetiniň 5 ýylda 150 milliard dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýändigini nygtap, “Howa menziliniň we Kuweýdiň metrosynyň başda durmagynda geljekde durmuşa geçiriljek taslamalarda türk firmalarymyzyň esasy jogapkärçiligi öz üstüne almagy meselesinde Jenap Barrak Al Subaihiň goldawyna garaşýarys” diýdi.

Ministr Elwan “Kuweýt-Türkiýe gatnaşyklary çalt depginde ösýär. İki ýurduň arasyndaky 700 million dollarlyk söwda mukdaryny has-da ösdürmek isleýäris” diýdi.

Elwan “Türkiýe, Kuweýdiň Ýewropa açylýan gapysy. Kuweýt hem Türkiýäniň Pars aýlag ýurtlaryna açylýan gapysy. Birlikde hereket etsek has güýçli bolarys” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar