Antalýa 12 günde 30 müňden gowrak rus syýahatçy geldi

Antalýa 239 çarter uçar sapary guraldy we 30 müň 859 rus syýahatçy geldi

571947
Antalýa 12 günde 30 müňden gowrak rus syýahatçy geldi

 

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda çarter uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagyndan soň ilkinji çarter uçary 2-nji sentýabrda Moskwadan Antalýanyň howa menziline geldi.

Çarter uçary bilen 309 rus  syýahatçy Antalýa geldi.

Sentýabr aýynyň 2-14-i aralygynda Antalýa 239 çarter uçar sapary guraldy we 30 müň 859 rus syýahatçy geldi.

Oktýabr aýynyň ahyryna çenli ýene-de 550 çarter uçar saparynyň guralmagyna we 100 müň rus syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

Rus syýahatçylar taryfly uçar saparlary bilen hem Antalýa gelmäge dowam edýär.

Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Russiýadan jemi 300-350 müň ýolagçynyň gelmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar