Eýran bilen Günorta Koreýa söwda gatnaşyklarynda dollar ulanmakdan ýüz öwürdi

Tähran bilen Seulyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda 29-njy oktýabrdan başlap ýewro ulanylar

559881
Eýran bilen Günorta Koreýa söwda gatnaşyklarynda dollar ulanmakdan ýüz öwürdi

 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Halkara howpsyzlyk we syýasy işler esarasynyň baş müdüri Hamid Baidineža  Tähran bilen Seulyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda 29-njy oktýabrdan başlap ýewronyň ulanyljakdygyny aýtdy.

Baidinežad söwda gatnaşyklarynda ýewronyň ulanylmagy hakynda kararyň ýadro şertnamasynyň  çäginde kabul edilendigini we ABŞ tarapyndan tassyklanylandygyny belledi.

Günorta Koreýanyň Ykdysadyýet ministrligi hem Eýran bilen söwda gatnaşyklarynda ýewro döwrüň başlajakdygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar