PayPal Türkiýä gaýdyp gelmäge taýarlanýar

179 million işjeň agzasy bolan PayPal Globalyň takmynan 18 milliard dollarlyk söwda kuwwada eýedigi nygtalýar

557687
PayPal Türkiýä gaýdyp gelmäge taýarlanýar

Şu ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň kanunlaryna boýun egmegi, salgyt tölemegi, kredit kartyny we şahsy maglumatlaryny alan adamlarynyň işlerini Türkiýäniň serwerleriniň üsti bilen etmegi ret etmegi sebäpli Bankçylyk düzgünleşdirme we gözegçilik etme geňeşi tarapyndan lisenziýasy güýçsiz diýip hasap edilen PayPal kärhanasy 2017-nji ýylyň mart aýynda  'Cross Border' ulgamy bilen yzyna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär.

Bankçylyk düzgünleşdirme we gözegçilik etme geňeşi bilen geçen hepde gepleşikler geçiren kärhana 2017-nji ýylyň ahyryna çenli serwerlerini hem Türkiýä getirmegi meýilleşdirýär.

'Cross Border' ulgamy daşary ýurtdaky bir adama Türkiýeden söwda etmegi rugsat berýär. Emma bu ulgam bilen Türkiýeden bi radam daşary ýurtda söwda edip bilmeýär.

Türkiýede E-söwda bazarynyň 12 göterimine eýe bolan we takmynan 800 million dollarlyk kuwwady bolan kärhananyň täze ulgam bilen söwda kuwwadyny 400 million dollara ýetirmegi maksat edinýär.

179 million işjeň agzasy bolan PayPal Globalyň takmynan 18 milliard dollarlyk söwda kuwwada eýedigi nygtalýar.



Degişli Habarlar