Aprel aýynyň senagat önümçilik indeksi beýan edildi

Iň ýokary peseliş bolsa önümçilik senagaty pudagynda boldy

506684
Aprel aýynyň senagat önümçilik indeksi beýan edildi

Senagat önümçiligi geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 0,7 göterim artdy, mart aýy bilen deňeşdirilende bolsa 1,1 göterim azaldy.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň beýan eden hasabatyna görä aprel aýynda magdançylyk we karýer pudaklarynda önümçilik azaldy.

Elektrik, gaz, bug önümçiligi we paýlama pudaklarynda bolsa 3,5 göterim derejesinde ösüş ýola goýuldy.

Iň ýokary peseliş bolsa önümçilik senagaty pudagynda boldy.

Önümçilik senagatyndaky peselme esasan hem kompýuter, elektron we optiki önümlerinde bolan bolsa, iň ýokary ösüş aragatnaşyk enjamlarynda boldy.



Degişli Habarlar