“Bank ulgamymyz ÝB-ne agza ýurtlardan has gowy netijelere eýe”

Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek Türkiýäniň Bank ulgamynyň ÝB-ne agza ýurtlaryňkydan has gowy netijelere eýedigini mälim etdi

488067
“Bank ulgamymyz ÝB-ne agza ýurtlardan has gowy netijelere eýe”

Stambuldaky iki aýry çärä gatnaşyp çykyş eden Mehmet Şimşek býujet ýetmezçiligi we bank ulagamy barada durup geçdi.

2016 Aziýa sebitleýin döwlet bergileri dolandyryş forumynyň açylyşynda çykyş eden Mehmet Şimşek ençeme meselä garamazdan býujet ýetmezçiligini azaltmak babatynda netijeli işleri ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

Şimşek şeýle hem Maliýe guramalar bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy.

Wise-premýer ol ýerde türk bank ulgamynyň wajyp döwri başyndan geçirendigini we ÝB-ne agza ýurtlaryňkydan has gowy netijelere eýediklerini belledi.



Degişli Habarlar