Elitaş Russiýanyň Türkiýeden burç we nar importyň saklanmagy baradaky kararyny tankyt etdi

Türkiýe Russiýanyň ýerine başga ýurtlar bilen işleşýär

452841
Elitaş Russiýanyň Türkiýeden burç we nar importyň saklanmagy baradaky kararyny tankyt etdi

Ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş Russiýanyň Türkiýeden burç we nar importyň saklanmagy baradaky kararyny tankyt etdi.

Ministr Elitaş “Russiýanyň Prezidenti bilen birlikde beýleki ýolbaşçylary Türkiýä sanksiýa goýmak bilen aslynda öz halkyny jezalandyrýar"diýdi.

Ykdysadyýet ministri Elitaş İzmirde beren beýanatynda Türkiýänyň ykdysadyýetiniň Russiýa bagly bolmandygyny we bagly bolmajakdygyny nygtady.

Söwda we harby gatnaşyklarda kadalaryň tapawutlydygyna ünsi çeken Mustafa Elitaş, Türkiýäniň Russiýanyň ýerine başga ýurtlar bilen işleşýändigini aýtdy.

Elitaş “Has ynamdar bazarlara gönükýäris, çünki Russiýa iň ýönekeý meselede söwda kadalaryny bozýan we karzyny tölemeýän ýurt ýagdaýyna geldi" diýip belledi.



Degişli Habarlar