Syýahatçylyk pudagyna uly goldaw beriler

Türkiýä syýahatçy getirjek gulluklara her uçuş üçin 18 müň bilen 100 million türk lirasyna barabar karz goldawy beriler

437210
Syýahatçylyk pudagyna uly goldaw beriler

Russiýa bilen başdan geçirilen dartgynlykdan ýaramaz zyýan çeken syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň ýüzüni güldürjek şatlykly habarlar Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan berildi.

Premýer ministr Dawutogly: “ Hiç kim sebitimizdäki çaknyşyklar sebäpli gapylarymyzy ýapjakdygymyzy pikirlenmesin. Türkiýe dünýä açyk ýurt. Gara propogandalar dünýäniň gözüniň agy bolan Stambuly, İzmiri, Aýdyny, Bursany, Mardini ünsden düşürmez" diýdi.

Premýer ministr Dawutogly tarapyndan yglan edilen 9 maddadan ybarat 2016-njy ýylyň Syýahatçylyk meýilnamasy bilen pudaga 255 million türk lirasyna barabar gol beriler, syýahatçyk pudagynyň wekilleriniň 284 million liralyk karzy bolsa yza süýşüriler.

Meýilnama laýyklykda Türkiýä syýahatçy getirjek syýahatçylyk firmalaryna her uçuş üçin goldaw beriler. Syhatçy getiren A toparyndaky syýahatçylyk gullugyna her uçuş üçin 6 müň dollar goldaw beriler.

Beýleki bir madda bolsa syýahatçy getirjeklere karz goldawynyň berilmegi. Hökümet azyndan 400 müň syýahatçy getiren syýahat gulluklaryna 100 million lira berer.

Şol sanda karzlaryň tölenmeginde pudagyň karzlary ýaňadandan seljeriler.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine degişli myhmanhanalardan alynýan 2016-njy ýyla degişli kireý tölegleri yza süýşürilip, üç deň bölege bölüner.

Portlar, ýahta portlary, gämi duralgasy bilen bagly kanunçylyk güýje giriziler. Ruhsatnamaly syýahatçylyk kärhanalary myhmanhalar ýaly Ykdysadyýet ministrliginiň goldawyndan peýdanalarlar.

Deňiz syýahatçylygy desgalary eksportçy derejesine eýe bolar. Ozal bar bolan 1 million dollar şerti 750 million dollara düşüriler. Şeýlelikde firmalar Ekzimbankyň karzlaryndan peýdalanarlar, paçlardan we töleglerden boşadylarlar. Daşky gurşawa zyýansyz myhmanhana ruhsatnamasyna eýe bolan desgalara suw, lagym, gaty zir-zibil töleglerde ýeňillik dörediler.



Degişli Habarlar