“Türkiýe özgertmeler arkaly daşary ýurt maýasyny çekýär”

Wise-premýer Mehmet Şimşek nebiti we tebigy gazy bolmadyk Türkiýäniň özgertmeleri durmuşa geçirmek arkaly daşary ýurt maýasyny çekýädigini aýtdy

435276
“Türkiýe özgertmeler arkaly daşary ýurt maýasyny çekýär”

Şimşek Türkiýäniň şonuň netijesinde ýokary girdeji toparyna goşulandygyny nygtady.

Wise-premýer Mehmet Şimşek Stambulda guralan Orta Aziýa maýa goýum maslahatynda çykyş etdi.

Şimşek Orta Aziýa ýurtlarynyň ösüşi durnuklaşdyrmagy üçin tapawutly maksatnamalary durmuşa geçirlmelidigini aýtdy.

Mehmet Şimşek: “Nebitimiz ýok, tebigy gazymyz ýok. Türkiýe ýakyn döwürde 50-60 milliard dollar nebit fakturasyny töleýärdi. Muňa garamazdan Türkiýe onuň hötdesinden geldi. Ýagny ýokary-orta girdeji toparyna goşulmagyň hötdesinden geldi. Orta Aziýadaky doganlarymyz hem häzirki döwürde nyrhlaryň aşaklaýandygyna garamazdan onuň hötdesinden gelip biler. Men oňa ynanýaryn" diýdi.



Degişli Habarlar