"Russiýa bilen tebigy gaz meselesinde hiç hili kynçylygymyz ýok"

Albraýrak türk howa giňişligini bozan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi

413372
"Russiýa bilen tebigy gaz meselesinde hiç hili kynçylygymyz ýok"

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Türkiýani tebigy gaz bilen üpjün edýän Russiýa bilen gaz meselesinde hiç hili kynçylygyň ýokdygyny aýtdy.

Ministr Berat Albraýrak hususy telewideniýe kanalynda eden çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda türk howa giňişligini bozan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi.

“Krizis elbetde tebigy ýagdaýda aladalandyrýar” diýen Albaýrak Türkiýäniň Russiýadan gaz satyn alýan esasy ýurtlardan biridigini ýatlatdy.

Söwda şertnamalaryna laýyklykda Russiýa bilen tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň dowam edýändigini aýdan Albaýrak, emma muňa garamazdan Türkiýäniň tebigy gaz taýdan haýsydyr bir kynçylyga sezewar bolmazlygy üçin çäre görmäge başlandyklaryny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar