Moskwada protest ýörişi geçirildi

Russiýanyň soňky döwürde başdan geçirýän ykdysady kynçylyklary halky köçä çykmaga mejbur etdi

407822
Moskwada protest ýörişi geçirildi

Paýtagt Moskwada jemlenşen demonstrantlar Prezident Wladimir Putine ykdysady syýasaty düzeltmegi üçin çagyryş etdi.
Gyssagly maliýe düzgünleriniň kadalaşdyrylmagyny we galplygyň öňüni alynmagyny isleýän demonstrantlar, walýuta indekslenen karz almalardan närazy.
Döwlet edaralaryndaky galplyklardan bizar bolan halk, hökümetiň syýasatynyň ýurduň ykdysadyýete zyýan ýetirýändigini pikir edýär.
Döwlet edaralarynyň bir taraply maglumatlarynyň hakyky ykdysady görkezijileri beýan etmeýändigini öňe süren demonstrantlar, ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny wezipeden çekilmäge çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar