ÝB DKTR-na 32 million ýewrolyk pul kömegini berer

ÝB 2006-njy ýyldan bäri Demirgazyk Kipriň halky üçin 400 million ýewrolyk pul kömegini berdi

406376
ÝB DKTR-na 32 million ýewrolyk pul kömegini berer

ÝB Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň ykdysady ösüşine goldaw bermek üçin 32 million ýewrolyk pul kömegini berer.
ÝB Komissiýasy Demirgazyk Kipriň halky üçin 32 million ýewrolyk täze maliýe goldawynyň berilmegi baradaky meýilnamany kabul etdi.
32 million ýewrolyk pul kömegi DKTR-da daşky gurşawyň goralmagy, süýt önümleri pudagynyň ÝB-niň bazarlaryna taýarlanmagy, iki jemgyýetiň ýagny Demirgazyk Kipriň we Kipriň günorta böleginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy maksady bilen jemgyýetçilik guramalaryna goldaw berilmegi üçin sarp ediler.
ÝB 2006-njy ýyldan bäri Demirgazyk Kipriň halky üçin 400 million ýewrolyk pul kömegini berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar