Demirgazyk Yragyň nebiti üçin ýeke-täk gapy Türkiýe

Türkiýe bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlener

397885
Demirgazyk Yragyň nebiti üçin ýeke-täk gapy Türkiýe

Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky Kürdistan Demokrat partiýasynyň halk deputaty Ferset Sofi Demirgazyk Yrakdan çykýan gara altynyň eksport edilmegi üçin ýeke-täk gapynyň Türkiýedigini aýtdy.
Ferset Sofi Türkiýe bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenjekdigini belledi.
Türkiýe bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze sepgit gazanandygyny aýdan Sofi, Yragyň demirgazygyndan çykýan nebitiň Türkiýäniň üstasyr eksport edilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygyny aýtdy.
Sofi PKK-nyň we beýleki terror guramalarynyň Yragyň demirgazygyny söweş meýdany hökmünde ulanmaklaryna rugsat bermejekdiklerini nygtady.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar