Türkiýede nagt ýetmezçiligi ÝB-niň çäklerinden aşakda…

Türkiýäniň Merkezi banky Maliýe durnuklylyk habarnamasynda nagt ýetmezçiliginiň içerki girdejä bolan gatnaşygynda ÝB-niň çägi bolan 4 göterimden aşak düşendigini beýan edilýär

395728
Türkiýede nagt ýetmezçiligi ÝB-niň çäklerinden aşakda…

Habarnamanyň “Umumy seljeriş” bölüminde bolsa global ösüş boýunja aşaklan howplar sebäpli maliýe bazarlaryndaky mümkinçilikleriň dowam edýändigi nygtalýar.
Şuna laýyklykda ABŞ-nyň Merkezi bankynyn (Fed) göterim artdyryş tapgyry, Hytaýyň ykdysadyýetindäki gowşama bilen bagly aladalar we harytlaryň nyrhlaryndaky aşaklama meýili ösen ýurtlara esasanda ýylyň üçünji çärýeginde uly täsir ýetirdi. Degişli döwürde ösen ýurtlar bilen bagly portfel hereketleri pes we durnuksyz dowam etdi.
Global howp ähtimallygynyň durnuksyz dowam eden döwründe banklaryn daşary ýurt serişde üpjünçiliginde goşmaça çykdajy basyşyny duýmandygy görülýär. Banklaryň daşarky karz alyşlarda çäkli aşaklama görülendigi, onuň esasan içerki banklaryn isleglerinden gelip çykýandygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar