"Ynam rekord bilen dolandy"

Sarp edijileriň ynam indeksi 77,15 göterime barabar boldy

420159
"Ynam rekord bilen dolandy"

7-nji iýundaky saýlawdan soň ýurduň içinde we daşynda başdan geçirilen wakalaryň täsiri bilen pese gaçan ynam indeksleri 1-nji noýabrda geçirilen saýlawdan soň rekord derejede yzyna dolandy
1-nji noýabrda geçirilen saýalawdan soň Ak partiýa hökümetleriniň döwründe gazanylan 13 ýyllyk syýasy we ykdysady durnuklylygyň dowam etjekdigi netijesiniň çykmagy sarp edijileriň ynam indeksi aýlyk iň ýokary ösüşini amala aşyrdy.
Sarp edijileriň ynam indeksi noýabr aýynda geçen aý bilen deneşdirilende 22,9 göterim ýokarlap, 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary çäk bolan 77,15 derejesine ýetdi. Merkezi bankyň we Türkiýäniň hasabat guramasynyň bilelikde taýarlan indeksi sentýabr aýynda 58,5 göterim bilen soňky 6,5 ýylyň iň aşak çägine düşüpdi, oktýabr aýynda bolsa 62,8 göterime barabar bolupdy.
Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşyk sarp edijileriň ynam indeksiniň artyşy barasynda: “ Bu taýda 1-nji noýabrda geçirilen saýlawda alynan güýçli we durnukly hökümete eýe boljak mejlisiň arifmetikasynyň täsiri bar. Men dekabr we ýanwar aýlarynda hasam ýokarlajakdygyna ynanýaryn” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar