Ýewro topary Gresiýa bilen ylalaşyk gazandy

Ýewro topary täze halas ediş bukjasy meselesinde Gresiýa bilen ylalaşyk gazandy

328677
Ýewro topary Gresiýa bilen ylalaşyk gazandy

Ýewro toparynyň başlygy we Gollandiýanyň Maliýe ministri Daýsylblum Ýewro toparynyň Gresiýa bilen syýasy taýdan ylalaşyk gazandygyny aýtdy.
Ýewropa Gresiýa 86 milliard ýewrolyk pul kömegiň berilmegi barada söz berdi.
Halas ediş bukjasy bilen Gresiýanyň ykdysady ösüşine, durnuklylygyna we hususylaşdyrma işlerine goldaw berler.
Halas ediş bukjasynyň çäginde durmuşa geçiriljek iş meýilnamasyna Halkara pul gaznasynyň hem degişli edilmegi göz öňünde tutulýar.
Halas ediş bukjasynyň 25 milliard ýewrolyk ilkinji kredit bölegi 20-njy awgustda Gresiýanyň hasabyna geçer.
Şol kreditiň 10 milliard ýewrosy bankrodyň bosagasyna gelen grek banklaryna berler.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar