Türkiýe aýran eksportynda rekord derjä ýetdi

2015-nji ýylyň hasabatyna görä Türkiýäniň aýran eksporty 12 million dollara ýetdi

303845
Türkiýe aýran eksportynda rekord derjä ýetdi

Türkiýäniň aýran önümçiligi 2015-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda 2014-nji ýylyň 4 aýy bilen deňeşdirilende artdy.
Daşary söwda görkezijilerine görä 2014-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 189 müň 129 tonna aýran öndürilen bolsa, şu ýyl ilkinji 4 aýda 191 müň 299 tonna ýetdi.
Soňky 5 ýylda aýran eksportyndan 11 million 853 müň 724 dollar girdeji geldi.
Türkiýe soňky 5 ýylda 16 ýurda aýran eksport etdi.
Türkiýede öndürilen aýran önümleri ABŞ, Eýran, Yrak, Kuweýt, Singapur ýaly döwletlere eksport edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar