Gresiýanyň, ÝB-niň we HPG-nyň arasyndaki gepleşikler netijesiz

Brýusselde geçirilen gepleşikler Gresiýanyň defolt bolmazlygy üçin soňky mümkinçilik hökmünde görülýärdi

304055
Gresiýanyň, ÝB-niň we HPG-nyň arasyndaki gepleşikler netijesiz

Afyny gepleşiklerde hormatly dynç alyşdakylaryň we işgärleriň aýlyklarynyň azaldylmagy, salgytlaryň artdyrylmagy baradaky islegleri kabul etmedi.
Gresiýanyň teklip eden özgertmeleri bolsa ÝB-niň ýolbaşçylaryny kanagatlandyrmady.
Gepleşikler 45 minutda tamamlady.
ÝB komissiýasy Gresiýa meselesiniň meliýe ministrleriniň penşenbe güni geçiriljek maslahatynda seljeriljekdigini habar berdi.
Maslahatda Gresiýanyň ýewro giňişligine agzalykdan çykarylmagynyň gün tertibine gelmegine garaşylýar.
Afyny aýyň ahyryna çenli HPG-na 1,6 milliard dollarlyk karzyny tölemän halatynda defolt bolar.
Brýusseldäki gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynyň Afynynyň biržasyna agyr zarba urmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar