Energetika howpsyzlygy konferensiýasy

Ýakyn Gündogarda energetika howpsyzlygy meselesi seljerildi

302153
Energetika howpsyzlygy konferensiýasy

Iordaniýada geçirlen Ýakyn Gündogarda energetika howpsyzlygy konferensiýasynda energetika pudagynda başdan geçirilýän kynçylyklar meselesi seljerildi.
Konferensiýa Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan köp sanly diplomat we ylmy işgär gatnaşdy.
Konferensiýa gatnaşyjylar soňky ýyllarda energetika pudagynda başdan geçirilýän howpsyzlyk meselesine ünsi çekdi.
Konferensiýada Arap ýurtlaryndaky syýasy krizisleriň we terror meselesiniň energetika pudagyna ýaramaz täsirini ýetirýändigi nygtaldy.
Konferensiýada Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän wakalar bilen terror guramasy DAIŞ-iň nebit-gaz känleriniň gözegçiligini ele geçirmeginiň howplydygy bellenildi.
2035-nji ýyla çenli dünýäde energetika pudagyna 40 trillion dollara golaý maýa goýuljakdygy ýatladyldy.
Konferensiýa gatnaşyjylar Türkiýäniň energetika howpsyzlygy taýdan esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekdi

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar