Bütindünýä bankynyň habarnamasy

Türkiýe döwlet we hususy eýeçiligiň bilelikdäki maýa goýumlarynda ikinji ýeri eýeleýär

298979
Bütindünýä bankynyň habarnamasy

Bütindünýä banky Türkiýäniň ösüş barýan ýurtlaryň hatarynda döwlet we hususy eýeçiligiň hyzmatdaşlygynda iň köp infrasrtuktura maýa goýan ikinji ýurtdygyny beýan etdi.
Bankyn ösüp barýan 139 ýurt baradaky “2014 Global döwlet-hususy pudak bilelikdäki maýa goýumlary” atly habarnamasynda Türkiýäniň şol bir wagtda Ýewropa we Orta Aziýa sebitlerindäki esasy 5 döwlet we hususy eýeçilik bilelikdäki maýa goýum taslamasyna ýer eýeçiligini edýändigine üns çekildi.
Habarnamada Türkiýäniň täze 17 taslamasy bilen maýa goýum mukdarynda iki ululyga eýe bolandygy nygtalýar.
Habarnamada mundan başgada 2014-nji ýylda ösüp barýan ýurtlarda döwlet we hususy eýeçiligi hyzmatdaşlygyndaky maýa goýumlarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarlap, 107,5 milliard dollara ýetendigi bellenilýär.
Braziliýanyň 44,2 milliard dollar bilen birinji, Türkiýäniň 12,5 milliard dollar bilen iki ýeri eýelän “iň köp infrasrtuktura maýa goýumyny goýan ýurtlaryn” sanawynda Peru 8,1 milliard dollar bilen üçünji, Kolumbiýa 7 milliard dollar bilen dördünji we Hindistan 6,2 milliard dollar bilen bäşinji ýeri eýeleýär.
Döwlet-hususy eýeçilik hyzmatdaşlygynda ady agzalan bäş ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň gymmaty, ösüp barýan 139 ýurtdaky jemi infrasrtuktura maýa goýumlarynyň 73 göterimini emele getirýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar