Türkiýe parnik ekini boýunça dünýäde 5-nji orunda

Türkiýe oba-hojalygyň pudagynyň parnik ugry boýunça dünýäde 5-nji orunda barýar

301755
Türkiýe parnik ekini boýunça dünýäde 5-nji orunda

Dünýäde miwe we gök-önüm ýetişdirmek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkiýe takmynan 714 müň gektar parnik meýdany bilen dünýäde 5-nji orunda barýar.

Gök-önüm iň köp Hytaýda, Hindistanda we ABŞ-da ýetiştirilýär. Türkiýe bolsa takmynan öndürýän 30 million tonna gök-önümi bilen dünýäde 4-nji orunda barýar.

Gök-önüm öndürijiligi boýunça Türkiýeden soň Eýran, Müsür we Russiýa gelýär.

Parnik ugrynda Hytaý 2 million 700 müň gektar bilen 1-nji orunda barýan bolsa, Hytaýdan soň Günorta Koreýa, Ispaniýa we Ýaponiýa we 5-nji ýerde Türkiýe barýar.

Türkiýede parnik ekinleriniň 88 göterim ýerinde gök-önüm, 10 göteriminde miwe we takmynan 2 göteriminde bolsa gül ýetişdirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar