Goranyş senagatynyň önümleri 117 ýurda eksport edilýär

Pudakdan geçen ýyl 461 million girdeji geldi

285455
Goranyş senagatynyň önümleri 117 ýurda eksport edilýär

Türkiýäniň goranyş we awiasiýa pudagynyň önümleri 2015-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda 117 ýurda we 9 Özbaşdak sebite eksport edildi.

Pudagyň eksport girdejisi 2014-nji ýylyň ilkinji 4 aýyna garanyňda 1,36 göterim artyp 461 million dollara barabar boldy.

Eksportda 182 million 620 müň dollar bilen ABŞ-y 1-nji orunda bolup, pudagyň eksportynyň takmynan 40 göterimi şu ýurda ediýär.

Türkiýäniň goranyş we awiasiýa pudagynyň önümleriniň iň köp eksport edilýän 2-nji ýurdy Malaýziýadyr. Malaýziýa edilýän eksportyň girdejisi geçen ýyla garanyňda 142 göterim artdy.

Ispaniýa bolsa 33 million 52 müň dollar bilen sanawyň 3-nji ýerinde durýar. Ispaniýa edilen eksportyň girdejisi geçen ýyla garanyňda 30 göterim artdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar