"2015-nji ýyl has üstünlikli ýyl bolar"

Wise-premýer Ali Babajan Türkiýäniň 2015-nji ýylyň ösüş, infilýasiýa we nagt ýetmezçiligi taýdan has gowy boljakdygyny aýtdy

275634
"2015-nji ýyl has üstünlikli ýyl bolar"

Stambulyň Söwda Birleşmesiniň maslahatyna gatnaşan Babajan şu ýyl Türkiýä ykdysady taýdan gowy görkezijileriň garaşýandygyny nygtady.
Türkiýäniň halkara bazarlarda ygtybar we ynam meselesiniň galmandygyny aýdan Ali Babajan, ykdysady dolanşygyň egilşiksiz işleýändigini hem aýtdy.
Orta möhletli 3 maksadyň: infilýasiýany aşaklatmak, nagt ýetmezçiligini azaltmak we konstruktiw özgertmeler arkaly Türkiýäniň potensial ösüşini ýokarlandyrmakdygyny ýatladan Babajan: “Bularuň ählisini hem 2015-nji ýylda durmuşa geçireris, oňyn netijeleri bilelikde göreris” diýdi.
Ali Babajan ykdysady dolanşygyň saýlawlar sebäpli hem hiç hili egilşik etmeýändigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar