Nihat Zeýbekji Günorta Koreýa gider

Erkin söwda şertnamasynyň çäginde Hyzmat- söwda şertnamasy bilen Maýa goýum şertnamasyna gol çekişiler

226899
Nihat Zeýbekji Günorta Koreýa gider

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Günorta Koreýa gider.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji resmi sapar bilen 26-njy fewralda Günorta Koreýanyň paýtagty Seula gider.
Resmi saparyň dowamynda geçiriljek gepleşiklerde 2013-nji ýylyň 1-nji maýynda güýje giren Erkin söwda şertnamasynyň çäginde Hyzmat- söwda şertnamasy bilen Maýa goýum şertnamasyna gol çekişiler.
Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministri Sang Ýoon bilen hem duşuşjak Zeýbekji, Samsung, CC Group, Doosan Group, CleanNara, Hundai firmalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen şol firmalaryň Türkiýedäki maýa goýumlary hakynda pikir alyşar.
Ykdysadyýet ministri koreýaly we türk işewür adamlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Türkiýe-Günorta Koreýa işewür adamlary maslahatyna hem gatnaşar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar