Konýa-Stambul tizligi ýokarlandyrlan otly saparlary başlady

Otly saparlarynyň açylyş dabarasyna Prezident Erdogan bilen Premýer ministr Dawutogly gatnaşdy

151753
Konýa-Stambul tizligi ýokarlandyrlan otly saparlary başlady

Konýa-Stambul tizligi ýokarlandyrlan otly saparlary Prezident R. T. Erdoganyň we Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Konýa-Stambul tizligi ýokarlandyrlan otly saparlarynyň düşümli bolmagyny dilän Prezident R. T. Erdogan Möwlananyň aradan çykan gününiň 741-nji ýylynda ony hormat bilen hatyralaýandyklaryny aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly hem Konýa-Stambul tizligi ýokarlandyrlan otly saparlarynyň açylmagy bilen Türkiýäni Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda, Ortaýer deňzi bilen Garadeňiziň arasynda, Ýakyn Gündogaryň, Balkanlaryň we Kawkazyň arasynda transport taýdan esasy merkez ýagdaýyna getirjekdiklerini ýatlatdy.
Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Lütfi Elwan hem Konýa bilen Stambulyň arasyndaky 13 sagatlyk ýolagçylygyň 4 sagada düşürlendigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar